HG: Häkimiýetler ýagşyň netijelerinden aman galmaga 'kömek etmeýär'

2024 ж. 22 Сәу.
3 282 Рет қаралды

Şu günki programmamyzda:
- Balkanyň hassahanalary saglyk işgärleriniň ýiti ýetmezçiligini başdan geçirýär diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitiň lukmançylyk edaralaryndaky ygtybarly çeşmeleri habar berýärler. Olaryň tassyklamagyna görä, üç aý bäri dowam edýän problemanyň soňky hepdelerde has-da ýitileşmegi netijesinde, hassahanalarda şepagat uýalarynyň ýerine ýetirýän işlerini arassaçylyk işgärleri berjaý edip başladylar.
- Türkmenistanda ilatyň durmuş derejesi barha peselýär. Ilat köpçüligi işsizligiň we gymmatçylygyň basyşy astynda galýarka, ilatyň gartaşan gatlagy pensiýa pullaryny azyga we dermanlara ýetirip bilmän kösenýärler. Azatlygyň habarçylary pensionerleriň gün güzerany barada habar berýärler.
- Lebap welaýatynda aprel aýynyň ortalarynda ýagan güýçli ýagyş ekerançylyk, şol sanda ekişi ýaňy tamamlanan gowaça meýdanlaryna ýiti zyýan ýetirdi. Saýat, Halaç we Kerki etraplarynda kärendeçi daýhanlar ekin meýdanlaryny ýagyş suwlaryndan arassalamaga kömek etmegi sorap, ýerli häkimiýetlere edýän haýyşlarynyň netijesiz galýandygyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň ygtybarly çeşmeleri 23-nji aprelde sebitden maglumat berdiler.
Habarlaşmak üçin:
• Whatsapp: +420 724 168 989 we +420 773 797 383
• Telegram: @Azathabar

Пікірлер
  • Tüweleme Gözel geplände ÝARYP GOÝBERÝÄÑ. Hakyky profesional źurnalist.

    @durdymatdurdyyev6611@durdymatdurdyyev661114 күн бұрын
  • Ukraynaňam goti gijedi dâ, nato da gotuni berjekmi diň !

    @user-jg5ue3rs2t@user-jg5ue3rs2t14 күн бұрын
KZhead